MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINDE WATANÇYLYGYŇ WASPY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde Watançylygyň waspy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde türkmen halkynyň ykbalyny öňünden gören Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri, döredijilik dünýäsi, beýik söz ussadynyň ajaýyp şygyrlarynyň häzirki wagtda ýaş nesillerimiz, talyplarymyz tarapyndan uly söýgi bilen okalýandygy, ylaýtada durmuş mekdebi bolan gymmatly eserlerini, biziň şu günki bagtyýar ýaşlarymyz we talyplarymyz üçin uly pähim-paýhas we durmuş mekdebidigi barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda söz ussady Magtymguly Pyragynyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende göterýän, söze hem-de sungata çäksiz sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, ummadamzat ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler!