ULAG-KOMMUNIKASIÝA PUDAGYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYK GIŇELDILÝÄR
3-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýnen, Ýewropa Komissiýasynyň Baş direktorynyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça geňeşçisi Henrik Hololeý, şeýle hem Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Ermenistanyň, Gruziýanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Aziýa ösüş bankynyň, Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda utgaşdyryjy platforma Hazarüsti halkara ulag geçelgesini Ýewropa bilen Merkezi Aziýany has durnukly we çalt baglanyşdyrýan ulag geçelgesine öwürmäge mümkinçilik berer.
«Türkmenistan» gazeti