TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI
4-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, geçen dokuz aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si, hususan-da, «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda», «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda», «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda», «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Kanunlar, ýurdumyzyň daşary syýasat başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly başga-da birnäçe Kanunlar kabul edildi. Şeýle hem hereket edýän kanunlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, Raýat, Maşgala, Býujet, Zähmet, Ilaty durmuş taýdan goramak, Sanitariýa kodekslerine we başga-da birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly Kanunlar, Mejlisiň kararlarynyň 18-si kabul edildi.
«Türkmenistan» gazeti