SUNGATDA BIRLEŞEN ÝOLLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirilýär. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda ABŞ Türkmenistan: Suratkeşler üçin alyş-çalyş maksatnamasyna işjeň gatnaşan türkmen suratkeşleriniň ýerine ýetiren döredijilik eserleri sergilendi. Sergide mugallym Zakirjan Babaýewiň hem-de zehinli talybymyz Durdymuhammet Pirowowyň «Atamyrat», «Ylham» seýilgähinde we «Aşgabat» şäherinde açyk howada ýerine ýetirilen «Aýzadanyň portreti», «Talyp gyzyň portreti» we gözel tebigatymyzy wasp edýän gysga pursatlyk (etýudlary) diýseň täsirligi bilen tapawutlanýar. Ondan başga-da ABŞ-nyň Waşington we Nýu-Meksiko ştatynyň Santa-Fe şäherlerinde gurnalan ýaş suratkeşler üçin tejribelik saparyndaky ýazylan nakgaşlyk eserleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýere ýygnanan myhmanlar üçin gyzykly ýatlamalar peýda boldy we sungat barada söhbetdeşlikler alnyp baryldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem jemgyýetiň medeniýetine goşant goşýan hem-de oňa düşünýän ussat hünärmenleri taýýarlamak ugrundaky alnyp barylýan anyk işler bizi diýseň buýsandyrýar. Halkara hyzmatdaşlykda döredijilik işgärleriniň ussatlygyny kämilleşdirmekde, tejribe alyşmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsun aýdýarys!