TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-nyň SAMMITINE GATNAŞMAK ÜÇIN IŞ SAPARY BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA UGRADY
7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin iki günlük iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu netijeli strategiýada abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde döwletara gatnaşyklary ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyz Arkalaşyga agza döwletler bilen taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýup, GDA-nyň çäklerindäki möhüm duşuşyklardyr forumlara yzygiderli gatnaşýar, şeýle hem olaryň geçirilýän ýeri bolup durýar. Şu ýylyň maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
«Türkmenistan» gazeti