SENIŇ ELIŇ HÜNÄRI–MIZEMEZ SUNGAT
Çeper döredijilige baý milletimiziň taryhy ýoly, däp-dessury, gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan geçmiş durmuşy bilen baglanyşykly medeni mirasynyň naýbaşy nusgalarynyň hatarynda el işlerine mynasyp orun degişlidir. Türkmen zenanynyň el hünäri seneti sungata öwürmegiň nusgalyk mekdebi bolup dowam edip gelýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym–mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp, keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly» diýip, käbesi Ogulabat ejäniň el işlerine ussatlygyny aýratyn mähir we buýsanç bilen belleýär. Bu mähriban ene türkmeniň inçe el işleriniň tanymal halypasy hökmünde hakydamyzda müdimi ýaşaýar.
«Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň eýesi, Hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň türkmen milli halyçylyk sungatyndaky halypalyk mekdebi bolsa, nesillere ýol-ýörelge bolup dowam edýär. Döwletli ojagyň eýeleri bolan Ogulabat ejäniň, Ogulgerek Berdimuhamedowanyň ajaýyp sungat eserleri deý el işleri milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşy nusgalarydyr. Senetden sungat döreden bu zenanlaryň geçen ussatlyk ýoly her bir türkmen zenany üçin döredijilikli zähmet çekmegiň, kämillige ýetmegiň terbiýe mekdebidir.
El işleriniň dürli görnüşi çeper elleriň gaýtalanmajak hünäri bolup, barha kämilleşip, sünnälenip gelen sungatdyr. Türkmeniň döreden milli gymmatlyklarynyň arasynda nepis el işleri aýratyn orun tutýar. Olar nesilden-nesle geçip, ussat gelin-gyzlarymyzyň çeper döredijilikde tanymallyga ýetendiklerini, halk mirasynyň ajaýyp nusgalaryny döretmekde kämillige eýediklerini äleme ýaýýar.
Şu gün Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen «Seniň eliň hünäri–mizemez sungat» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik hem zenan döredijiligine we el işlerine bagyşlandy. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymlary we talyplary bilen türkmeniň ömürlik hemrasyna öwrülen milli halyçylyk, keşdeçilik, külalçylyk sungaty we beýleki el işleri barada giňişleýin söhbet edildi. Çykyş edenler halkyň döreden sungatynyň naýbaşy nusgalaryny öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Medeniýet halkyñ kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Arşyň nepisligi» atly kitaplarynyň gymmatly çeşme bolup durýandygyny bellediler. Şeýle hem türkmeniň ilden-ile, dilden-dile geçip gelen nusgalyk mirasyny öwrenmeklige, ösdürmeklige we geljekki nesillere ýetirmeklige giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.