TÜRKMENISTAN NETIJELI DÖWLETARA HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAGA YGRARLYDYGYNY TASSYKLAÝAR
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
8-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy.
Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ulgamlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini nazara alyp, Arkalaşygyň giňişliginde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Ýurdumyzy GDA-nyň döwletleri bilen däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ysnyşykly taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.ý
Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz GDA-nyň sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Uly Kreml köşgüne ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.