TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

8-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Baştutany mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, hususan-da, ýakyn wagtda geçiriljek möhüm ähmiýetli çäreler barada pikir alyşdylar.

Nygtalyşy ýaly, şu günler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli çäreler geçirilýär. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, türki halklaryň hem şahyrydyr. Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dabaralara Türkiýede-de uly gyzyklanma bildirilýändigini aýratyn belläp, ýakyn wagtda şahyryň ýubileýine bagyşlanyp Aşgabatda geçiriljek halkara forumyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi. Pursatdan peýdalanyp, dostlukly ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

«Türkmenistan» gazeti