TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «ÇALYK HOLDING» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «ÇALYK HOLDING» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

9-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanda ähli ulgamlarda, aýratyn-da, saglygy goraýyş ulgamynda gazanylýan üstünliklere guwanýandygyny aýtdy hem-de bu işleriň türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydygyny aýratyn belledi.

Ahmet Çalyk Türkmenistanda dürli maksatly we uly ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ähli işgärleriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Işewür şu gün açylyp ulanmaga berlen Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň gurluşygynyň «Çalyk Holding» kompaniýasyna ynanylmagynyň özleri üçin uly mertebedigini buýsanç bilen belledi hem-de Milli Liderimizi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bu döwrebap saglygy goraýyş desgalarynyň açylmagy bilen gutlady.

«Türkmenistan» gazeti