TÜRKMENISTAN-GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY: DÖWLETARA DIALOGYŇ TARYHYNDA TÄZE SAHYPA


TÜRKMENISTAN-GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY: DÖWLETARA DIALOGYŇ TARYHYNDA TÄZE SAHYPA

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi

10-njy oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda dostlukly ýurduň Lideri motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna tarap ugraýar. Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli garşylady.

Döwlet Baştutanlary köşgüň içine girip, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar. Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kasym-Žomart Tokaýewi «Rowaç» zalyna çagyrýar. Bu ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz gazagystanly kärdeşine Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem ertir geçiriljek beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy, ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

«Türkmenistan» gazeti