Akýüp
Türkmeniň ak öýlerinde bezeg hökmünde ulanylýan akýüp seýrek duşýan haly önümleriniň biridir. Halkyň arasynda akýüpüň dokalyşy bilen bagly şeýle birrowaýat hem aýdylýar. Bir mahal bir obadan üç sany gelin-gyz hersi öz başdak akýüp ýüwürdipdir. Olaryň biri durmuşa çykmadyk gyz, beýlekisi bolsa ýaňy durmuşa çykan çuwal gyz, üçünjisi bolsa çül-çagaly nowjuwan gelin eken. Rowaýatda aýdylyşyna görä, ýaş gyz akýüpi bir ýylda kesipdir. Ol dokmasyny kesen badyna agyr dert tapynypdyr. Gaýtarma gelin akýüpi iki ýylda kesipdir. Dokmasyny kesensoň onuň bir eli ysmaz bolupdyr. Üçünji, çagaly gelin çagalarynyň gapdalyndan eli degen wagty dokap, akýüpi üç ýylda kesipdir. Oňa hiç zat bolmandyr. Gaýtam döwleti artyp, tutan işi oňuna bolupdyr. Şondan soň akýüpi haýal dokamak, üç ýylda kesmek adata öwrülipdir.
Akýüp ak öýleriň iç ýüzünden, uklaryň arkasyndan bezeg üçin tutulýan haly önümi, ol on iki bölek nagyş toplumyndan ybarat bolýar.
Akýüp asyrlar dowamynda kämilleşen sungat derejesine ýeten eserdir. On iki bölek nagyş, her üçüsiniň düşegi bir reňkde bolup, ol on iki aýy, dört pasly aňladypdyr. Ol diňe bir bezeg esbaby bolman, eýsem, uklaryň hem berk durmagyna oňaýly täsir edipdir. Onuň uzynlygy, dikligi ak öýleriň uklarynyň daşyndan aýlanar derejede bolýar. Akýüp seýrek duşýan haly önümleriniň hataryna girýär.
Mährijemal TOÝMEDOWA