TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ BEÝIK MILLET MEJLISINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY
10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş bilen duşuşdy.
Myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Milli Liderimiz beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygy üçin Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirdi we doganlyk ýurduň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
«Türkmenistan» gazeti