TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞDY
10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, doganlyk Türkmenistana ýene-de gelmäge dörän mümkinçilige örän şatdygyny belledi. Bellenilişi ýaly, Tatarystan Respublikasynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna saldamly şahsy goşandyna ýokary baha berilýär.
Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden baýram edilýän günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklarynyň okgunly we netijeli häsiýetini belledi. Şol hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen döwletara dialogyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Tatarystanyň Baştutanynyň Türkmenistana saparynyň ähmiýeti barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri onuň halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesine we bu gatnaşyklaryň ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýandygyna şaýatlyk edýändigini belledi.
«Türkmenistan» gazeti