WENA BALY-HALKLARY ÝAKYNLAŞDYRÝAN MEDENI KÖPRI
10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Şu gezekki döredijilik çäresi iki ýurduň halklarynyň birek-biregiň medeni durmuşyna, has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga bolan gyzyklanmalaryny tassyklaýar. Şunuň bilen bir hatarda, bu çäräniň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijesidir.
Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Medeniýet günleri, Wena şäheriniň Aşgabatdaky Medeniýet günleri, türkmen sungat ussatlarynyň Wenadaky we awstriýaly artistleriň Aşgabatdaky çykyşlary, awstriýaly aýdymçylaryň ýurdumyzda geçirilýän halkara festiwallara, beýleki çärelere gatnaşmagy iki ýurduň döredijilik hyzmatdaşlygynyň tejribesiniň mysallarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň goldawy bilen döredilen bilelikdäki «Galkynyş» simfoniki orkestri hem bu ulgamda alnyp barylýan netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň nyşanyna öwrüldi. Türkmenistandaky Wena balyny-da bilelikde guralýan ajaýyp çäreleriň biri hökmünde görkezmek bolar.
«Türkmenistan» gazeti