ARKADAG ŞÄHERINDE VI WENA BALY


ARKADAG ŞÄHERINDE VI WENA BALY

Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär we özgerýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat işgärleri bilen bilelikde konsertler, festiwallar, bäsleşikler yzygiderli geçirilip dur. Birnäçe ýyldan bäri Wena balynyň geçirilmegi daşary ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýär. 2023-nji ýylda Wena baly Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirildi. Bu ýyl hem Arkadag şäherinde geçirilen VI Wena baly uly saz baýramçylygy hökmünde tomaşaçylara şatlyk-şowhun paýlady.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen bu şowhunly konsertde Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, Döwlet hory, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary, tans toparlary hem-de daşary ýurt medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.

Konsert «Dünýäň beýik Lideri siz Arkadag!» diýen aýdymyny Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew, Gözel Öwezowa, Atajan Berdiýew, aýdymçy Gözel Annahanowa we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň horynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde açyldy. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewanyň hem-de tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Türkmenistan-baharystan» aýdymy ýaňlandy.

Ýaş kompozitor Alişer Bazarowyň döreden «Arkadag şäheri-bagtyň şäheri» Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowanyň bilelikde ýerine ýetirmegi dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Dabarada türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen bir hatarda daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirildi.

Wena balynyň dowamynda Wolfgang Harreriň dirižýorlyk etmeginde Awstriýa respublikasynyň aýdymçydyr, sazandalary çykyş etdiler. Olardan Amelie Hois, Hwapyeong Gwon, Konstantin Rittel–Kobylianski, Dimitar Stefanin, Grasser Irina meşhur operalardan ariýalary we başga-da dürli owadan aýdymdyr-milli tanslary ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewa, aýdymçylar Maýa Orazberdiýewa, Begenç Moşşyýewiň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory we birleşen tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren «Garaşsyz Bitarap Türkmenistan!» aýdymy konserti şatlyk-şowhun bilen jemledi.

Daşary ýurt medeniýet we sungat ussatlary bilen bir sahnada türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikde çykyş etmegi iki ýurduň halklarynyň medeni gatnaşyklaryny has-da berkitdi.



ALTYN ÝANGYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazşynaslyk hünäriniñ 3-nji ýyl talyby.