TÜRKMENISTAN-MONGOLIÝA: DÖWLETARA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ ÝOLUNDA


TÜRKMENISTAN-MONGOLIÝA: DÖWLETARA HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ ÝOLUNDA

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi

12-nji oktýabrda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, Mongoliýanyň Prezidenti Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşdy, şeýle hem beýleki daşary ýurtly belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy-parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşdy.

Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, Mongoliýanyň Prezidentiniň şol geçen döwürden bäri Türkmenistana ilkinji saparyna döwletara dialogyň taryhynda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygy hökmünde baha berilýär. Bu gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär.

«Türkmenistan» gazeti