ARKADAG ŞÄHERINDE ÝUNESKO-NYŇ ŞAHADATNAMASYNY GOWŞURMAK DABARASY BOLDY


ARKADAG ŞÄHERINDE ÝUNESKO-NYŇ ŞAHADATNAMASYNY GOWŞURMAK DABARASY BOLDY

12-nji oktýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda maslahat geçirildi. Onda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýurdumyzda türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanýan ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy, olaryň dünýädäki şan-şöhratynyň belende galdyrylmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän alada oňyn netijelerini berýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýanydyr.

...Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Sergide fotosuratlar, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, dürli görnüşli haly we zergärçilik önümleri, atlaryň bezeg şaý-sepleri görkezildi. Çäräniň Arkadag şäherinde geçirilmeginiň çuňňur manysy bar. Mälim bolşy ýaly, türkmen topragynyň bu künjegi ahalteke bedewleriniň gadymy mekany hökmünde ykrar edildi. Bu ýerde duşuşyklary geçirmek, ahalteke atşynaslygyny ösdürmek bilen bagly meseleleri maslahatlaşmak asylly däbe öwrüldi.

«Türkmenistan» gazeti