Çöl tebigatymyzyň syýahatçylygy ösdürmekdäki ähmiýeti


Çöl tebigatymyzyň syýahatçylygy ösdürmekdäki ähmiýeti



Dünýä syýahatçylygynda tebigata gezelenç etmek meşgur ugurlaryň biridir. Tebigat adamzada maddy baýlyk bilen birlikde ruhy baýlyk hem berýär. Ekosyýahatçylygyň bir ugry bolan tebigata gezelenç etmek şol ýurdyň ilaty, medeniýeti, ruhy dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam edýär. Jahankeşdeleri özüne çekýän täsinlikler türkmen topragynda näçe diýseň kändir. Dag ýerinde dagy, deňiz ýerinde deňzi, ümmülmez Garagum sährasy ýaly giň çöli bolan diýarymyzda tebigaty söýüjiler üçin gyzykly gezelençleri gurnamaga zerur şertler döredilendir. «Gezmek ömürden» pähimli söze ser salanymyzda syýahatçylygyň ynsan ömrüni uzaldýan zatlaryň biridigine göz ýetirýärsiň. Çöl tebigatynyň özboluşlylygy, deňiz tolkuny ýatladýan ürgün çägeligi, yssy gurak şertde ýaşamaga uýgunlaşan sazak tokaýlyklary, biodürlilige baý bolan haýwanat dünýäsi Ýer şarynyň ýene bir baý tebigatly ýerini açyp görkezýär. Çöl tebigatynyň her bir künjegi gyzyklydyr. Ýurdumyzda tebigy ýadygärlikleriň iki ýüzden gowragy ýerleşýär. Şolaryň aglabasy Garagumyň jümmüşinde ýerleşýän ýeriň geologik taryhyny ýatladýan ýerleşýän haýwanlaryň daşa öwrülen yzlary, ýeliň emele getiren şekilleri, läbik wulkanlar, Amyderýanyň köne hanasy, Sarygamyş köli, Aýböwüriň gyrlary ýaly tebigy ýadygärliklerdir. Sebitimiziň ekologik ýagdaýyna oňaýly täsir etjek Garagum çölünde döredilen «Altyn asyr» türkmen köli we oňa gelýän zeý akabalarynyň gurulmagy çöl tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrdy. Aýratyn hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna giren seýrek duş gelýän haýwanlaryň san taýdan köpelmegi tebigaty öwrenijileriň ünsüni çekýär.
Syýahatçylar üçin çöl şertlerinde ýaşaýan ýerli ilatyň durmuşy, medeniýeti, milli tagamlary, däp-dessurlary hem gyzykly bolup durýar. Seýrek hem bolsa gum içinde mekan tutan obalary ýa-da ýekewara hojalyklar bar. Çölde ýaşaýan ýerli ilat esasan hem düýedarçylyk we goýundarçylyk bilen hojalygyny dolandyrýarlar. Olaryň ak öýlerinde oturyp, duz-tagam iýmegiň hem lezzeti bar. Gum içinde türkmen tagamlaryndan gowurdak, işlekli, çaý çorbasy düýe çaly we agarany bilen meşhurdyr. Bularyň ählisi türkmen medeniýetiniň gadymylygyny görkezýär.