MAGTYMGULYNYŇ GOŞGULAR ÝYGYNDYSYNYŇ ERMENI DILINDÄKI NEŞIRI TANYŞDYRYLDY
12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň käbir ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Bu ýerde dabara mynasybetli sergi guraldy. Onda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary görkezildi. Suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň eserleri myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
«Türkmenistan» gazeti