YKBALA ÖWRÜLEN HÜNÄR...
Toýlary-toýlara ulaşýan döwletimiziň saba-säherlerinden gaýdýan ajaýyp aýdym-sazlar owaza teşne kalplary gandyrýar. Ynha şeýle toýly günlerde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti, halypa mugallym, ussat opera aýdymçysy Gurt Nazarowyň 75 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly konsert geçirildi.
Konsertiň başynda halypa gutlag, hoşallyk sözleri aýdyldy we sungat ýolunda bitiren uly işleri üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Hormat haty gowşuryldy. Soňra halypanyň ömri we döredijilik ýoly barada Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosendi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Osipowa Ýelena Pawlowna tarapyndan giňişleýin çykyşlar edildi. Şeýle-de konsertde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kamera orkestriniň dirižýory Nury Muhyýewiň, halypanyň talyplarynyň we birnäçe konsertiň myhmanlarynyň gutlag sözleri diňlenildi.

Bu dabaraly konsertde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Wladimir Mkrtumow, Aýna Seýitkuliýewa, Halkara bäsleşikleriniň diplomanty Stella Faramazowa, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Gaipow, uly mugallym Meýlis Myratgeldiýew, konserwatoriýanyň mugallymlary Maýa Beýmanowa, Röwşen Baýramow, Ýekaterina Darçiýa we konserwatoriýanyň uçurymlary Agajan Genjimow, Gunça Meläýewa, 5-nji ýyl talyp Atajan Hemraýew dagylar çykyş etdi.
Konsertde türkmen hem-de daşary ýurt kompozitorlarynyň döredijiliginden birnäçe aýdymlar we dünýä belli operalardan ariýalar belent joşgun bilen ýerine ýetirildi.
Dabaranyň soňunda Türkmenistanyň halk artisti, ussat halypa Gurt Nazarow tarapyndan konserde gatnaşyjylara, myhmanlara hoşallyk sözleri aýdyldy. Konsertde halypa ýadygärlik sowgatlar we birnäçe owadan gül çemenleri gowşuryldy.
Konserdi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Ýekaterina Darçiýa gurnady. Dabarany alyp bardy: «Saz mugallymy» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Keýik Artykowa.
