DÖREDIJILIK SERGISI
Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 12-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnamaklarynda, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Öwezmuhammet Akmuhammedowyň 55 ýaşynyň dolmagy mynasybetli, şahsy döredijilik sergisi geçirildi.
Öwezmuhammet Akmuhammedowyň kyblasy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň professory Şamuhammet Akmuhammedowyň şu sergide 11 sany eseri halk köpçüligine görkezilýär. Şu sergini Öwezmuhammet Akmuhammedow öz kyblasyna, baş halypasynyň «Ýagty ýadygärligine» bagyşlaýar.
Sergide: Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Öwezmuhammet Akmuhammedowyň eserlerinden «Kalbymyň owazy», «Ýalňyz çopan», «Ýalňyzlyk», «Bir pursatlyk ýaşlyk», «Näzli», «Bagtly maşgala», «Jemile», «Ýaş gelin», «Gyzyl ketenä bagyşlanan sena», «Altyn-asyryň gözelligi», «Doganymyň doglan gününe güller», «Bulutlar arasyndaky aýdym», «Asudalyk», «Gülleriň tansy», «Gijeki Iris», «Ylhamlaryň çeşmesi», «Howlumyzdaky bägüller», «Ýaz tansy», «Duşuşyk», «Şaýly gelin», «Türkmenler», «Gürrüňdeşlik», «Gyzyl gül» ýaly eserleri bellemäge mynasypdyr. Sergide suratkeşiň 71-den gowrak nakgaş eserleri görkeziler. Bu sungat eserlerinde bagtyýar zamanamyzyň waspy, oba durmuşy, eziz Watanymyzyň gözel tebigaty, şöhratly taryhymyz, abadan ýurdumyz, ir-iýmişli miwelerimiz, gündelik durmuşyň gyzykly sahnalary mynasyp suratlandyrylýar.