YKRAR EDILEN GYMMATLYK
«Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ÝUNESKO-nyň sanawynda mynasyp orun eýeledi
Ahalteke atlary türkmen seýisçilik sungatynyň dünýä beren gymmatlygydyr. Kämil seýislenen Ahalteke atlary gözelligi, ýyndamlygy, ajaýyp häsiýeti bilen dünýä derejesine çykdy we umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi.
2021-nji ýylyň fewral aýynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnama boýunça resminamalar talaplara laýyklykda taýýarlanylyp, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça Hökümetara Komitetine ugradylypdy. Netijede, 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Afrikanyň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde Hökümetara komitetiniň ähli agzalarynyň biragyzdan goldamagy esasynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.
Şu ýylyň 11-13-nji oktýabry aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESCO) Baş konferensiýasynyň başlygy hanym Simona-Mirela Mikuleskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistanda iş saparynda boldular. Bu iş saparynyň çäginde, 12-nji oktýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu waka türkmen Ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny äleme ýaýan ajaýyp we ýatdan çykmajak waka boldy. Dabara ýazyjy-şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Olar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda döredilen «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO-nyň Kluby we bu Klubyň alyp barýan işleri bilen hem ýakyndan tanyşdylar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli gymmatlyklaryň gadymy mekany bolan eziz Diýarymyzyň ahalteke bedewleri mynasyp bahasyna eýe bolýar. Çünki, «gyzdan gylykly» diýlip häsiýetlendirilen atlarymyz umumadamzat ähmiýetlidir. .