KERIM GURBANNEPESOW HALKYŇ ÝÜREGINI SÖÝLÄN ŞAHYR


KERIM GURBANNEPESOW HALKYŇ ÝÜREGINI SÖÝLÄN ŞAHYR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy öz okyjylary bilen «Halkyň ýüregini söýlän şahyr» ady bilen Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlap şygryýet agşamyny geçirdi. Çärämiziň başynda kitaphana hünärmeni ussat şahyryň ömri we döredijiligi hakynda şeýle hem Kerim Gurbannepesowyň ajaýyp kitaplary barada gyzykly gürrüňleri berdi. Ýaş nesilleri terbiýelemekde şahyryň döreden adamkärçilik, arassa ahlaklylyk ýaly baý duýgulary oýarýan goşgulary hakynda hem aýdyldy. Duşuşygymyza gatnaşan okyjylarymyz hem öz gezeklerinde Kerim Gurbannepesowyň döreden birnäçe ajaýyp goşgularyny ýatdan, labyzly ýerine ýetirip çärämiziň has-da täsirli bolmagyna ýardam etdiler. «Ussadyň durmuş ýoly» atly Kerim Gurbannepesowyň kitaplaryndan ybarat bolan kitap sergimiz ýaşajyk okyjylarymyzda aýratyn täsir galdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan edebiýat ägirtlerimize uly hormat goýup, olaryň döredijiligini öwrenmeklige ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.