USSAT HALYPANY ÝATLAP...
Magtymguly Garly dessançy bagşy hökmünde türkmen halkynyň arasynda uly meşhurlyk gazanan halypalaryň biridir. Magtymguly Garlynyň halypalyk etmeginde Ilaman Annaýew, Gurban Seýitmämmedow, Yrzaguly Ataýew, Artyk Durdyýew, ýaly mundan başgada birnäçe ussat bagşy-sazandalary ýetişdiripdir.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynda halypa bagşy Magtymguly Garlyýewiň doglan gününiñ 135 ýyllygyna bagyşlanan ýatlama söhbetdeşlik konserti geçirildi.
Söhbetdeşlik konsertinde Magtymguly Garlynyň saz sungatynda miras galdyran «Ýigide», «Teşnit», «Kerem geldi», «Saýat üçin», «Aman-aman», «Eý däl» aýdym-sazlarynyň ýerine ýetiriş aýratynlygyna ussat halypanyñ ýerine ýetiriş ussatlygy hakynda gyzykly maglumatlary halypa mugallymlardan Kerwen Ýowbasarow, Ýolaman Nurymowyň, Şäher Täjow, Osman Güjimow hem-de «Medeni işewürlik merkeziniň» işgäri, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwlet Durdyýewiň hem-de talyplaryň çykyşlaryna, söhbetdeşliklerine tomaşa etdik. Dabaraly geçirilen konsert tomaşa etmäge gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ata Watanymyzda medeniýet we sungatymyzyň ösmegine giň ýol açýan, türkmen halky üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.