SÖZDEN MÄHIR ÝASAN ŞAHYR


SÖZDEN MÄHIR ÝASAN ŞAHYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli «Sözden mähir ýasan şahyr» ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen medeniýetini, sungatyny, milli mirasyny, tanymal şahsyýetleriniň döredijiligini giňden öwrenmäge ähli mümkinçilikleriň öwrenilýändigini, olaryň eserleriniň yzygiderli täzeden çap edilip halkymyza ýetirilip durulmagy, olaryň atlarynyň ebedileşdirilip ýokary we orta okuw mekdeplerine, ajaýyp köçelerimize dakylmagy, olaryň heýkelleriniň ählisiniň bir ýere jemlenip, paýtagtymyzyň iň gözel künjekleriniň biri bolan «Ylham» seýilgähinde ornaşdyrylmagy, olaryň arasynda Kerim Gurbannepesowyň heýkeliniň ýerleşdirilmegi şahyra goýulýan sarpadan nyşan bolup durýandygy hakynda belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň maşgala agzalary, bile işleşen ýazyjy şahyrlar, medeniýet işgärleri, şahyryň sadadan düşnükli eserlerinde Watana bolan söýgini, durmuşdaky we ynsan dünýäsindäki bolup geçýän dürli hadysalary, şeýle-de söýgi temasyny poeziýa diliniň özüne çekiji äheňleri bilen okyjylara ýetirip bilen beýik ynsandygyny barada giňişleýin gürrüň berdiler. Mundan başgada şahyryň dürdäne sözlerinden döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Mundan başga-da göçme kitap sergisi gurnaldy we çärä gatnaşanlary sergi bilen tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we edebiýatymyzy içgin öwrenmäge, ösdürmäge hem-de dünýä ýaýmakda uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.