PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY


PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGYY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz döredijiligi bilen edebi mirasymyzda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň sarpasy belent tutulýar. Şeýle şahsyýetleriň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Şahyr halkyň hakydasynda nurana keşbi, döreden akyl-paýhasly ajaýyp şygyrlary, nusgalyk geçen ýoly bilen ýatlanylýar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzyň žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Geçirilen söhbetdeşlik örän täsirli boldy. Söhbetdeşlige gatnaşan myhmanlar şahyryň döredijiliginiň geriminiň giňligi, şygyrlarynyň halkylygyny bellediler. Magtymguly edebi dili halk medeniýetiniň ösmeginiň hökmany şertleriniň biri hasaplapdyr. Hut şonuň üçin hem ol goşgy setirleriniň diliniň halka düşnükli bolmagy ugrunda göreşip, çeperçilik serişdelerini öz eserlerinde örän ýerlikli ulanypdyr. Bu bolsa onuň goşgularynyň höwes bilen okalmagyna sebäp bolýar. Magtymgulynyň eserleri türkmenleriň örän baý halk döredijiligi we gündogaryň ýazuwly edebiýaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şahyryň döredijiliginiň folklor bilen baglanyşykly bolmagy onuň eserleriniň gymmatyny has-da artdyrýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda şahyryň ynsany bada-bat yzyna düşürýän şygyrlarynda watançylyk, yşky-söýgi, gahrymançylyk, ruhy-ahlaklylyk ýaly temalaryň gozgalýandygy barada pikir alşyldy hem-de onuň bu temalarda ýazan goşgularyna uly baha berildi.