AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGYRLARYNYŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdepde «Akyldar şahyryň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň baý medeni we edebi mirasyny öwrenmekde, ony baýlaşdyrmakda, şu günki we geljekgi nesillere ýetirmekde uly tagallalaryň edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine näçe çuň aralaşdygyňça, onuň setirleriniň syrly ýumagy paýhaslar älemine alyp gidýän eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň örän uludygy barada belläp geçdiler we mekdep okuwçylary akyldar şahyryň goşgularyny labyzly okap berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.