SÖWDA-YKDYSADY WE YLMY-TEHNIKI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK HÖKÜMETARA TOPARYNYŇ MEJLISI
16-njy oktýabrda paýtagtymyzda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.
Mejlisiň barşynda iki ýurduň arasyndaky özara erk-islege daýanýan gatnaşyklaryň soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygy nygtaldy. Ýokary we Hökümet derejesindäki özara saparlardyr duşuşyklaryň geçirilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň maý, sentýabr aýlarynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran döwlet we iş saparlary hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprelindäki resmi sapary däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka boldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berdi.
«Türkmenistan» gazeti