MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOŞGULAR ÝYGYNDYSY ÖZBEK DILINDE NEŞIR EDILDI


MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOŞGULAR ÝYGYNDYSY ÖZBEK DILINDE NEŞIR EDILDI

16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ylymlar akademiýalarynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Institutyň eýwanynda guralan sergide Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň amaly-haşam sungatynyň we medeni mirasynyň nusgalary ýerleşdirilen diwarlyklar görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriňwe siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy-parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygynyň dowamynda dostlukly döwletiň Baştutany Milli Liderimize akyldar şahyryň özbek diline terjime edilen goşgular ýygyndysyny sowgat berdi.

«Türkmenistan» gazeti