OBA HOJALYGYNYŇ MÖHÜM MESELELERI HALKARA BARLAGLARYŇ ÜNS MERKEZINDE
16-njy oktýabrda Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly halkara ylmy-taslama bäsleşigi öz işine başlady. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy çäreleriniň birine öwrülen zehin bäsleşigine sanly ulgam arkaly gatnaşmak üçin ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyryldy.
Iki günläp dowam etjek bäsleşigiň öňüsyrasynda Watanymyzyň ösüşlerini, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry bolan oba hojalygy pudagynyň gazananlaryny şöhlelendirýän sergi guraldy. Soňra bäsleşik barada maglumatlary özünde jemleýän wideoşekiller görkezildi. Munuň özi umumy maksatlara ýetmek üçin ylmyň we bilimiň özara baglanyşygynyň aýdyň beýany boldy.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu giň gerimli bäsleşik pikir alyşmak we täze ylmy açyşlardyr oýlap tapyşlar üçin netijeli meýdança öwrüldi. Munuň özi ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaş alymlar üçin zehinini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge, dünýä derejesinde özüni ykrar etdirmäge ajaýyp mümkinçilikdir. Çykyş edenler halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde oba hojalygy pudagynyň has möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny bellediler. Howanyň üýtgemegi, ekologik abadançylyk we beýleki ählumumy meseleler dünýä alymlarynyň tagallalaryny birleşdirmeklerini talap edýär. Tejribe, bilim, tehnologiýalar boýunça alyşmalar azyk howpsuzlygyny, oba ýerleriniň durnukly ösüşini üpjün etmekde täze çemeleşmeleri hem-de çözgütleri tapmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, bäsleşige hödürlenen taslamalaryň ýaşlary oba hojalygy pudagynda we ylmynda has uly üstünliklere ýetmäge höweslendirjekdigine ynam bildirildi.
«Türkmenistan» gazeti