USSATLYK SAPAGY


USSATLYK SAPAGY

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ galkynyşy döwrüniñ «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyñ her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýeti ösdürmekde hem birnäçe maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ähli işler bilen bir hatarda ýurdumyzyñ geljegi bolan ýaşlara ýokary derejeli bilim almaga, saýlap alan hünärlerini has-da içgin öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Ine, şu maksat bilen hem ýakynda Türkmenistan döwletimize Russiýa federasiýasynyñ pianinoçysy Dmitriý Masleýew myhmançylyga geldi.

Russiýa federasiýasynyñ pianinoçysy Dmitriý Masleýewiň gatnaşmagynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internadynyñ kiçi zalynda konserwatoriýanyñ talyplary bilen bilelikde ussatlyk sapagy geçirildi. Ussatlyk sapagyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ «Fortepiano» hünäriniñ talyplary: Rahmanowa Ogulnäzik, Ataberdiýew Çaryýar, Salyhowa Selbi, Batyrowa Medine, Ýagdyýew Perman, Ýagşymyradow Erjel, Komiljanow Şaislam dagylar işjeň gatnaşdylar. Sapagyň dowamynda konserwatoriýanyň talyplary ýewropa sazlaryndan birnäçesini ýerine ýetirdiler. Çykyşlaryň dowamynda ussat pianinoçy Dmitriý Masleýewiň aýdan peýdaly maslahatlary diňlenildi.

Dmitriý Masleýewiň talyplar bilen bilelikde ussatlyk sapagy geçmegi, daşary ýurt ussatlary bilen aragatnaşykda bolup, olar bilen tejribe alyşmaklarynyň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek zerurdyr. Ussatlyk sapagynda ýerine ýetirilen sazlar, berlen peýdaly maslahatlar ýaş sazandalar üçin has täsirli boldy. Daşary ýurt aýdymçy, sazandalary bilen yzygiderli ussatlyk sapaklary geçirilmeginiň özi hem ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi talyp ýaşlar üçin uly ähmiýete eýedir.

Sapagyň ahyrynda Russiýa federasiýasynyñ pianinoçysy Dmitriý Masleýew özüniň şeýle gyzgyn garşylanmagy we döredilen ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygyny bildirdi.

Biz hem pursatdan peýdalanyp biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlarymyzy aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!



Gülsoltan DÖWLETOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň öwreniji-mugallymy