DÜNÝÄ AKYLDARY, TÜRKMEN DANASY


DÜNÝÄ AKYLDARY, TÜRKMEN DANASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Dünýä akyldary, türkmen danasy» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň goşgulary halk bitewiliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýanlygy, şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýändigi, onuň paýhas ummanynyň, baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuş meseleleri, ahlak we terbiýeçilik babatdaky öwüt ündewlere ýugrulandygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda 6-njy çagalar sungat mekdebiniň dutarçylar topary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary, akyldar şahyra bagyşlanyp döredilen ajaýyp saz eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.