BILMEÝÄN ZADYŇY KITAPDAN SORA!
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebiniň kitap söýüji çagalarynyň arasynda «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora!» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz bilesigeliji çagalara kitap okamagyň ähmiýeti barada gyzykly gürrüňler berdi. Mekdebiň höwesjeň okuwçylary hem öz söýgüli çagalar ýazyjylarynyň ýazan ençeme goşgularyny labyzly okap berdiler. Özara sorag-jogap alyşdylar. Ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy, gözel tebigatymyzy wasp edýän goşgulary ýatdan aýdyp berdiler. Şeýle-de gurnalan sergi hem höwesjeň çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.