HALYPA HAKDA SÖHBET


HALYPA HAKDA SÖHBET

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdepde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli «Halypa hakda söhbet» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler milli medeniýetimize, sungatymyza, mirasymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen döredijilikde öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimizi öwrenmäge ýatlamaga giň mümkinçilikler döredildi. Şeýle hormata mynasyp bolan, özüniň ajaýyp şygyrlary bilen türkmen halkynyň aňynda hemişelik ýaşaýan şahyrlarymyzyň biri hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesowyň gymmaty egsilmejek goşgulary şygyr muşdaklarynyň kalbynda ebedilik ýaşaýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşlikligiň dowamynda çärä gatnaşyjy bagtyýar mekdep okuwçylary Kerim Gurbannepesowyň goşgularyny labyzly, watan söýüjilikli ruhunda okap berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda bolsa şahyryň ömri we döredijiligi barada sorag-jogap alşyldy. Geçirilen gürrüňdeşlik okuwçylarda uly täsir galdyrdy.

Çäre gatnaşyjylar türkmen halkynyň geçmişinde yz galdyran ýazyjy şahyrlarymyzyň goşgularyny ýaş nesillere wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.