ÄLEM SYRY KITAP BILEN AÇYLÝAR


ÄLEM SYRY KITAP BILEN AÇYLÝAR

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Älem syry kitap bilen açylýar» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Kitap adama ruhy hörek eçilýär. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Halkymyzda kitaba, söz sungatyna uly sarpa goýulýar, olaryň gadyry bilinýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen neşir edilip, okyjylara ýetirilen «Paýhas çeşmesi» atly ajaýyp kitapdaky: «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitap okaýanyň ruhy baý» ýaly, ata-babalarymyzyň baý durmuş tejribesinden dörän parasatly sözler halkymyzyň kitaba goýýan hormatynyň örän uludygyny görkezýär. Türkmen halky hemişe-de kitaby mukaddeslik saýypdyr. Maşgalasynyň eklenç çeşmesi bolan ýekeje guba düýesini akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň kitabyna çalşan parasatly türkmen ýaşulusynyň edebiýatdaky keşbi ýüreklerden baky orun alandyr.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda ylym-bilimli, watansöýüji kämil şahsyýetleri kemala getirmekde beýik özgertmeleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.