TÜRKMEN ALABAÝY-MILLI MIRASYMYZ
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Türkmen alabaýy-milli mirasymyz» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz iň baý medeni mirasyň bir bölegi hökmünde alabaýlary ösdürip ýetişdirmegiň milli däp-dessurlaryny gorap saklamaga, hem-de ösdürmäge uly mümkinçilikleri döredip berdi. Alym Arkadagymyz dünýäde giňden ýaýran bu gadymy tohumyň gelip çykyşy baradaky köp ýyllyk gözlegleri, oýlanmalary, taryhy we edebi maglumatlary jemleýän «Türkmen alabaýy» atly kitaby, alabaýyň türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda möhüm orny eýeleýänligi barada gürrüň berýär. Kitapda aýdylyşy ýaly «Alabaý milli buýsanjymyzdyr. Alabaý Watanymyzyň baýlygydyr. Bu ata-babalarymyz tarapyndan döredilen milli baýlykdyr» diýlip bellenip geçilýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň göz guwanjy we milli mirasy bolan, türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.