KÖNEÜRGENÇ-GADYMY GÜRGENÇ
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi «Köneürgenç–Gadymy Gürgenç» atly kitap sergi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrylýan ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy-edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan kitaphana gelýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Horeografiýa sungatynyň mugallym we talyplarynyň gatnaşmagynda «Köneürgenç–Gadymy Gürgenç» atly kitap sergisi gurnaldy. Kitap sergä gatnaşan talyplarda uly täsir galdyrdy.
Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär «Soňky onýyllygyň dowamynda ÝUESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna taryhy ýadygärlikleriň üç sany toplumynyň-Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň goşulmagy Türkmenistanda jemlenen medeni mirasa degişli binalaryň beýik gymmatlygynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär» diýip belläp geçýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.