TÜRKI MEDENIÝETINIŇ GURAMASYNA (TURKSOÝ) AGZA ÝURTLARYŇ II TEATR FESTIWALY MYNASYBETLI GURNALAN SERGI
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TURKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda göçme kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary hem-de Gündogaryň beýik söz ussady akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlar ýygyndylary, teatr sungatyna degişli kitaplar we beýleki neşirler ýerleşdirildi. Türkmen hem-de daşary ýurt dillerinde neşir edilen kitaplar sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.
Uly göwrümli sergä gatnaşanlaryň ählisi dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklary has-da berkitmäge, türkmeniň milli medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadygymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.