MAGTYMGULY PYRAGY HEM-DE MEDENI WE EDEBI MIRAS


MAGTYMGULY PYRAGY HEM-DE MEDENI WE EDEBI MIRAS

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda nusgawy edebiýatymyzy ylmy esasda öwrenmek we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgä öwrülendigini, çünki dana şahyryň şygyrlary dünýä edebiýatynda hem öçmejek yz galdyrandygyny, şonuň üçin hem bu ajaýyp eserler diňe bir türkmen alymlaryny däl eýsem, dünýä alymlarynyň hem ünsüni özüne çekýändigi hakynda belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlarynda Watany söýmegiň, il-güne wepaly bolmagyň belent nusgasyny açyp beýan edýändigi, ählumumy adamzada nusgalyk ýol-ýörelge bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda, ýaş nesillere öwretmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.