TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI


TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

18-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny taýýarlamak, hereket edýän birnäçe ugurdaş kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.

14-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň geçirilendigi, onuň netijeleri boýunça Bilelikdäki Jarnamanyň kabul edilendigi barada aýdyldy. Bu çäräniň çäklerinde türkmen-koreý geňeşme maslahatynyň ikinji mejlisi geçirilip, onda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, parlament diplomatiýasyny ulanmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagyň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Mälim bolşy ýaly, «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» parlamentara forumyny döretmek we türkmen-koreý geňeşme maslahatyny geçirmek başlangyjyny Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňe sürüpdi. Mundan başga-da, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Başlygy, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň, parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşyklarynyň geçirilendigi habar berildi.

«Türkmenistan» gazeti