TÜRKSOÝ-a agza ýurtlarynyň şygryýet agşamy
19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň şygryýet agşamy hem iňňän täsirli boldy. Bu çärä gatnaşan doganlyk halklaryň ýazyjy-şahyrlary özleriniň kalplaryndan joşup çykan ajaýyp şygyrlaryny okap berdiler. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan şygyrlar kalplarymyzda hemişelik orun alyp, ýatdan çykmajak duýgulary bagyşlady. Ylham-joşguna beslenen bu şygryýet agşamy, dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkemegine we giň gerime eýe bolmagyna uly ýardamyny ýetirer.
Dabaranyň ahyrynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şygryýet agşamyna gatnaşanlar edebi gatnaşyklarymyzyň has-da berkemegine uly goldaw berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar. Olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.