TÜRKI MEDENIÝETINIŇ GURAMASYNA (TÜRKSOÝ) AGZA ÝURTLARYŇ II TEATR FESTIWALY MYNASYBETLI GURNALAN SERGI


TÜRKI MEDENIÝETINIŇ GURAMASYNA (TÜRKSOÝ) AGZA ÝURTLARYŇ II TEATR FESTIWALY MYNASYBETLI GURNALAN SERGI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwaly mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynda göçme kitap sergisini gurnady. Aýratyn-da sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän dürdäne ajaýyp eserleri iň köp isleg bildirýän we gyzyklanma döredýän eserler boldy. Şeýle-de Gündogaryň beýik söz ussady akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ynsan kalbyna öçmejek nur bolup çaýylan eserleri we teatr sungatyna degişli neşirler ýerleşdirildi. Türkmen hem-de daşary ýurt dillerinde neşir edilen kitaplar sergä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Gurnalan kitap sergä gatnaşanlaryň ählisi dünýä döwletleri bilen medeni gatnaşyklary has-da berkitmäge, türkmeniň milli medeniýetini, sungatyny dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.