NESILLERIŇ AKYL-PAÝHAS ÇYRAGY, DÜNÝÄ NUSGALYKDYR BEÝIK PYRAGY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Nesilleriň akyl-paýhas çyragy, dünýä nusgalykdyr beýik Pyragy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çuňňur öwrenmek halkymyzyň, ýaş nesilleriň kalbynda milli mirasymyza bolan çuňňur garaýşyň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedigini, gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şygyrlary dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de söz ussadynyň many-mazmuna baý şygyrlary bütin adamzady watansöýüjilige, agzybirlige, edep-ekramlylyga, ahlak arassalyga, dost-doganlyga, halallyga çagyrýandygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini wagyz etmekde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.