MAGTYMGULY PYRAGY HEM-DE MEDENI WE EDEBI MIRAS
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras» atly göçme kitap sergisi geçirildi.
Milli medeniýetimize, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza bolan buýsanç geçmiş mirasymyzy öwrenmäge ruhlandyrýar. Geçmiş mirasy öwrenmekde bolsa Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary gymmatly hazyna bolup durýar. Çünki Magtymgulynyň goşgulary türkmen diliniň, edebiýatynyň baýlyklaryny özünde jemleýär. Halkymyz şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar. Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy durmuşyň dürli taraplary barada ajaýyp şygyrlary döretmek bilen, baý edebi mirasy galdyrdy.
Çäräniň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri talyp ýaşlara türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasy barasynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.