GYZ-GELINLERIŇ ŞAHYRANA DÖREDIJILIGI
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde «Jahan» döredijilik merkezinde halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan monjugatdylar barada «Gyz-gelinleriň şahyrana döredijiligi» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan, ata-babalarymyzdan bize miras galan halk döredijiliginiň dürli görnüşleri, olaryň köp dürlüligi, aýratynlygy barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan monjugatdylar, oňa gatnaşýan gyz-gelinleriň bentleriň üsti bilen ýürek arzuwlaryny, isleglerini beýan edişi, her bentden soň monjuk saýlanyp, bijesi düşene ýomak atyşlary, gülüşleri, şatlanyşlary barada gyzykly gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.