KITAPHANA SYNY


KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

Kitaphanaçylar Döwlet kitaphanasyna sowgat berlen Magtymguly Pyragynyň özbek dilinde terjime edilen «Махтымкулы. Таналган асарлар» atly goşgular ýygyndysy bilen tanyş boldular. Kitaphana synynda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy dünýä alymlary tarapyndan uly gyzyklanma bilen öwrenilýändigini, akyldar şahyryň goşgular ýygyndysynyň özbek, gyrgyz, ermeni dilinde terjime edilmegi hem munuň aýdyň nyşany bolup durýandygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle hem kitaphanaçylar Kanibek Imanaliýewiň «Кыргызы (Слово о Родине)» atly, gyrgyz halkynyň geçmiş taryhyny, medeniýetini beýan edýän kitaby we «Əлем едебиети» atly dünýä ýurtlarynyň ýazyjylarynyň eserleri gazak, türk, iňlis, rus dilinde ýazylan kitap bilen tanyş boldular.

Kitaphana synyna gatnaşyjylar halkyň abraý-mertebesini barha beýgeldýän, il-gününe eşretli durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.