MAGTYMGULY PYRAGY-AKYL PAÝHAS UMMANY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezledirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli Koserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy-akyl paýhas ummany» ady bilen aýdym-sazly, wagyz -nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Magtymguly Pyragy paýhasly sözi bilen adamlaryň kalbynda ýokary ahlak islegi oýarýandygy we asylly hyjuwlara çagyrýandygyny, onuň ahlak garaýyşlary türkmen halkynyň ynsanperwerliginiň özboluşlylygyny açyp görkezýändigini hem-de dana şahyryň öz durmuş ýörelgesiniň miwelerini adamlaryň aňynda kemala getirýändigi barada gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda gaýtalanmajak milli gymmatlyklarymyza, ömrüni halkyň ruhy hazynasynyň baýlaşmagyna bagyşlan ussatlarymyzyň döredijiligine uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözler aýdyldy.