BIBLIOGRAFIK GOLLANMALARA SYN
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Sungat bölüminiň işgärleri tarapyndan taýýarlanan «Sungat äleminde» atly tapgyr boýunça, ýörite usuly bibliografik gollanmalaryna syny geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminde Türkmenistanyň belli-belli sungat ussatlary barada, suratkeşler, kompozitorlar, kinooktýorlardyr-režissiýorlar, teatr artistleri, tele-radio ýaýlymlarynyň halypa diktorlary barada kitaphananyň kitapdyr-gazet žurnal hazynasyndaky bar bolan ähli maglumaty bir ýere jemläp «Sungat äleminde» atly tapgyr boýunça, ýörite usuly bibliografik gollanmalary taýýarlamak işi alnyp barylýar. Bu gollanmalar bolsa okyjynyň wagtyny köp sarp etmezden özüne zerur bolan maglumatlary alyp bilmekligine uly ýardam berýär. Olarda medeniýet we sungat ussatlarynyň ömri döredijiligini açyp görkezýän täsirli maglumatlar, olar baradaky kärdeşleriniň, şägirtleriniň ýatlamalary, şeýle hem sungat bölüminiň golasty hazynasynda saklanýan, ussat kompozitorlarmyzyň döreden sazlarynyň nota neşirleriniň we ses ýazgylarynyň sanawy ýerleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda bölümiň işgärleri tarapyndan taýýarlanan «Änew-gadymyýetiň şaýady» (düzüji B.Ç.Nurmyradowa), «Hommat Müllük: kino we teatr sungatynyň ussady» (düzüji D.Bekiýewa), «Halkyň hakydasyndaky ussat» (düzüji D.Sopyýewa), «Sungatda öz ýoluny goýan halypa» (düzüji D.Sopyýewa), «Aýdymlara siňen ömür» (düzüji D.Bekiýewa), «Türkmeniň aňyna Şükür bagşy bolup giren» (düzüji A.Gurbanowa) usuly gollanmalara syn geçirildi.
Syna gatnaşan düzüjiler öz düzen gollanmalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Olar syna gatnaşan kitaphana işgärleriniň soraglaryna jogap berdiler.
Synyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.