ÝAZYJYLARYŇ TÄSIRLI DUŞUŞYKLARY
18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergiler binasynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygyna TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlary gatnaşyp, dost-doganlyk edebi gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ösdürilişi hem-de kämilleşdirilişi hakynda täsirli çykyşlar etdiler. Hemmämiziň bilşimiz ýaly häzirki wagtda ähli ugurlar bilen birlikde biziň edebi gatnaşyklarymyz hem ýokary derejede ösdürilýär. Edebi gatnaşyklar halklary ruhy taýdan jebisleşdirýär hem-de dost-doganlyk gatnaşyklary has-da berkidýär. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler bular babatda hem giňişleýin durup geçdiler. Duşuşygyň dowamynda TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň görnükli ýazyjy-şahyrlaryna şol guramanyň hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy.