TEATR–SUNGAT OJAGY


TEATR–SUNGAT OJAGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen türkmen teatrlary barada «Teatr–sungat ojagy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda teatr sungatynyň taryhy, türkmen halkynyň ussat artistleri, olaryň öçmejek yz goýan janlandyran sahna oýunlary, ajaýyp keşpleri barada täsirli gürrüňler edildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sahna ussatlaryna ajaýyp keşpleri janlandyrmak, dünýä ülüňlerine laýyk gelýän sahna oýunlaryny döretmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada uly buýsanç bilen nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda sungat ussatlarynyň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmekde şeýle hem teatr sungatyny diňe bir ýurdumyzda däl eýsem dünýä derejesinde ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.